Programma üpjünçiligi
Berk Hasap 1C
Konfigurasiýa, işiň görnüşine we masştabyna garamazdan islendik kärhanada ulanylyp bilner. Konfigurasiýadaky hasaplaryň plany Türkmenistanyň milli ülňülerine, buhgalteriýa we halkara maliýe hasabat standartlaryna laýyklykda amala aşyryldy. Salgyt beýannamalaryny, şeýle hem maliýe hasabatlarynyň toplumyny doldurmak awtomatlaşdyrylýar.
Berk Biz 1C
Kärhanalaryň dolandyryş ýazgylaryny ýöretmäge we kärhanalaryň iş amallaryny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ähliumumy çözgüt. Kassa enjamlaryny birikdirmek üpjün edilýär. Kiçi kärhananyň bar bolan ähli bölümlerini ulanmaga mümkinçilik berýär.
Berk Söwda 1C
Söwda kärhanalar we paýlaýjylar üçin döredilen çözgüt. Söwda amallaryny hasaba almagy, derňemegi we meýilleşdirmegi awtomatlaşdyrmak. Bölek satuw enjamlaryny birikdirmek mümkinçiligi. Işewirlik amallaryň mehanizmini ulanyp, satuw prosesini dolandyrmak. Ammar hasabyny ýöretmek.
Berk Doc 1C
Konfigurasiýanyň hiç hili pudak aýratynlygy ýok we işiň görnüşine we masştabyna garamazdan islendik kärhanada ulanylyp bilner. Önüm, umuman alanyňda, resminama hasabyny awtomatlaşdyrmak meselesini çözýär işgärleriň özara gatnaşygy, öndürijilik düzgünlerine gözegçiligi we derňewi amala aşyrýar.
Berk Market 1C
Çözgüt dükanlaryň we beýleki söwda nokatlarynyň söwda işini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen. Söwda amallarynyň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek we bölek satuw enjamlaryny birikdirmek mümkinçiligi.
Made on
Tilda